Diller

Siz bu ýerde

Çowdur Taýpasynyñ Taryhy Kökleri

Avatar: 

ÇOWDUR TAÝPASYNYÑ TARYHY KÖKLERI !!!



Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan  döwletimizde milli liderimiz we Gahryman Arkadagymyzyñ saýasynda agzybir we jebis ýaşaýan türkmen halkymyzyñ ümzügi ileri.

Häzir bizi bir buýsandyryjy zat bar: Olam ýaş nesilleriñ şanly taryhymyza, türkmen halkynyñ gelip çykyşyna öñküden biraz ünsleri güýçlendi. Bu elbetde guwandyryjy ýagdaý. Nesiller öz taryhyny we aslyny tanasa, gelejegini hem gahryman ata-babalarymyzyñ ruhunda gurar, ertesine ynamly gadam basar.

Söhbetimizi uzadyp durman, esasy gürrüñe geçmek isleýärin. Güneşli Diýarymyzyñ gadymy oguzlaryñ mesgen tutan mekany bolan Daşoguz welaýatynda çowdur atly taýpa ýaşaýandyr. Bu hemmäñize mälim. Çowdur diýenimde käbir okyjylarda ýylgyrma peýda bolan bolmagy ahmaldyr. Sebäbi olaryñ tutanýerliligi we hakyny gidermejek bolup goh-galmagaldan çekinip durmazlygy, dawaçylrak we özdiýenli adamlara "çowdur dawasyny tutma" ýa-da "çowdur-maý sen" diýen ýaly ýarym degişmeli söz düzümlerini döredipdir.

Bu degişmeli gürrüñe ünsüñizi çekmek bilen men esasan çowdurlaryñ gelip çykyşy we taryhy kökleri barada durup geçmek isleýärin.

Şuny unutmalyñ: taryhy kökleriñi oñat bilmek, tire-taýpalary bilmek we tiräñe buýsanmak, bu tireparazlykdan daşlaşyp bilmezlik däl-de, tersine hemme türkmen tire-taýpalarynyñ aslynyñ birdigine we bir ojakdan çykan dogandygyna göz ýetirmekdir.

Häzirki wagtda türkmen teletomaşaçylarynyñ hem uly gyzyklanma bilen görýän "Direliş; Ärtogrul" teleserialynda çowdur taýpasy barada durlup geçilýändir, ünsüñizden gaçmadyk bolsa.

Şu nukdaýnazardan men, gadymy oguz taýpasy bolan çowdurlar barada elimde bar bolan şu taryhy maglumaty paýlaşmagy makul bildim.



*  *  *



ÇAWULDUR (ÇAWUNDUR)



Anadolyda bu boýuñ ady XVI asyrda köplenç çawundur şekilinde aýdylýardy. Ýöne şol döwre degişli Çawuldur we Çawdur diýen ýer atlary hem gabat gelýär. Gadymky ady hem çawuldur bolupdyr. Umuman, şol asyrda Anadolyda şu atlar bilen 21 sany ýeriñ bolandygyny görýäris.

"Danyşmendnamada" Anadolyny seljuklylaryñ eýelän wagtynda Çawuldur Çaka diýen bir begiñ ady agzalýar. Zahiri Nişaburiniñ "Seljukly taryhynda" Anadolyny ýeñip alan Soltan Alp-Arslanyñ serkerdeleriniñ arasynda emir Çawuldur diýen bir at geçýär. Bu awtora görä emir Çawuldur Artyk, Saltyk, Mengüjük we Danyşmend bilen Malazgirt söweşine gatnaşypdyr we Anadolyda Maraş bilen Sarus (Saryz) sebitlerini ýeñip alyp, döwlete goşupdyr. Bu maglumatlara daýanyp, çawuldur boýundan Çaka atly begiñ Anadolynyñ eýelenmeginde möhüm rol oýnandygyna ynanmak bolar. Onuñ örän şöhratly beglerden biri bolandygyny ýokarda ady agzalan eserlerden hem bilmek bolýar.

Şonuñ bilen bir wagtda biziñ oguz boýlaryna degişli ýer atlary hakyndaky maglumatymyzda çawuldur 18-nji orunda durýar, Anadolyda çawuldur ilatynyñ sany az. Munuñ bir sebäbiniñ biri, bu boýuñ uly bir golunyñ Ýakyn Gündogara göçmän Mañgyşlakda galmagydyr. Ýöne esasy sebäbi, käbir boýlar kimin, bu boýuñ ilat sanynyñ tutuşlykda uly däldigidir. Meselem, Türküstan türkmenleriniñ örän köp sanlysyny özüne birikdirýän salyr boýundan örän köp jemagat Eýrana we Anadola hem gelipdi ahyry. Çünki, bu soñky boýuñ sany gaty köp bolupdyr.

XVI asyrda çawuldur boýuna degişli urug-tireler şu aşakdaky ýerlerde görünýärler:



1. BOZULUS: Çawundur atly bir tire  Soltan Selim II döwründe iki gola aýrylyp, biri 174, beýlekisi 50 salgyda degişli adamsy bolan obalary emele getiripdir. Ogulbegli diýen uly tiräniñ içinde hem çawundur atly bir jemagat bardy. Bu jemagatyñ öz adyny kethuda Weliniñ kakasy Çawundurdan alandygyny añlamak bolýar. Bu ýagdaý, şeýle hem ogulbegli jemagatynyñ çawundur boýy bilen garyndaşlyk gatnaşygynda bolandygyny görkezýär.



2. ÇORUM: Çawundur diýen kiçijik tire Osmanly kazasynyñ Akjasuw obasynda ýaşapdyr. Bu çawundur jemagaty bilen birlikde şol obada oturan adil we habil atly jemagatlaryñ-da çawundurlar bilen garyndaş bolmagy mümkindir.



3. TÜRKÜSTAN TÜRKMENLERI: Abulgazynyñ ýazmagyna görä, Şa Mäligiñ öldürilmegi bilen oguzlar dagamaga başlapdyrlar we olardan birtopary Kylyk, Kazan we Karaman begleriñ baştutanlygynda Mañgyşlaga gidipdir. Bu toparyñ arasynda ençeme oguz boýunyñ urug-tireleri bar ekeni. Ýöne olaryñ köpüsi eýmir, döger, igdir, çawuldur, garkyn, salyrdandy. Birinji bölümde Syrderýa boýlaryndaky oguz ilinden gürrüñ açylyp, X asyryñ başlarynda bir garyndaşlyk dawasy zerarly (şol dawaçyl "çowdurlyklary-da" ;)) bularyñ), oguzlardan bir toplumyñ ol zamana çenli ady-sory bolmadyk ýer bolan Mañgyşlaga baryp ýurt tutandygyny aýdypdyk. Bu waka Abulgazynyñ aýdan rowaýatynyñ esasy bolup biler.

Mañgyşlakdaky çawuldurlara soñky asyrlarda çowdur diýilýär. Bular beýleki türkmen boýlary (taýpalary) bilen bilelikde hem arkaýyn ýaşamandyrlar. XVI asyrda Mañgyşlak Horezmi eýelän maññytlar tarapyndan basylyp alynypdyr we uly salyr boýy ol ýerden çykyp gidipdir. Biraz soñrak bu ýeri galmyklaryñ hüjümine sezewar bolupdyr. Şol wagtlar çowdur, igdir we söýünjileriñ bir bölegi Demirgazyk Kawkaza tarap göterilipdirler. Olar şol ýerde öz barlyklaryny häzirki wagta çenli dowam etdirýärler. Mañgyşlakda galan çowdur, igdir we beýleki boýlara degişli tireler XIX asyrda gazaklar tarapyndan ol ýerden çykarylypdyrlar.

1853-nji ýylda çowdurlar Aral kölüniñ günorta ýakalaryndan Garabogaza çenli bolan giñişlikde oturýardylar. Şol wagt olaryñ ilat sany 12 müñ çemesidi. Olar şu toparlardan ybaratdy:

abdal, igdir, esenli, garaçowdur, bozajy, burunjyk, şyh.



Terjime edenler:



Muhammet Aýdogdyýew,

taryh ylymlarynyñ doktory,



Jepbarmämmet Gökleñow,

filologiýa ylymlarynyñ kandidaty,



Ýazmyrat Mämmediýew,

taryh ylymlarynyñ kandidaty, ýazyjy.



(Kitaby bilelikde terjime edenler).



Çeşme: Faruk Sümer "Oguzlar - türkmenler", 285-287-nji sahypalar.

(Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Dünýä türkmenlerini öwrenýän ylmy-barlag institutynyñ neşiri, Aşgabat-1999).



Taýýarlan: Alpagut Horezmli.

Türkmençe